Moskwada Russiýanyň Daşarky Aňtaw gullugynyň baş binasynyň golaýyndaky bir meýdança 1963-nji ýylda sowetleriň tarapyna geçen britan içalysy Kim Filbiniň ady dakyldy.
Bu baradaky degişli karara Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin gol goýdy.
Bu martda Angliýanyň Salisbury şäherinde ozalky rus içalysynyň we onuň gyzynyň zäherlenmegi sebäpli Britaniýa bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynlaşmagynyň fonunda bolup geçýär.
Britaniýa we Günbataryň aglaba döwletleri Sergeý we Ýuliýa Skripallary Russiýanyň zäherländigini aýdýarlar. Moskwa bu aýyplamalary ret edip gelýär.
Filby Britaniýanyň Sowuk Urşy döwründäki iň uly haýyny hökmünde häsiýetlendirilýär. Ol 1940-njy ýylda Britaniýanyň MI6 gizlin gullugynyň aňtaw bölüminde işe başlap, kontrarazwedka bölüminiň başlygy wezipesine çenli ýetmegi başarypdy.
Filby 30 ýyl töweregi Moskwany maglumatlar bilen üpjün edenden soň, 1963-nji ýylda Sowet Soýuzyna sygynypdy. Ol Russiýanyň paýtagtynda tä ölýänçä, 1988-nji ýyla çenli ýaşady.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!