Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

69 ýaşly gollandiýaly suduň üsti bilen ýaşyny 20 ýyl kemeltjek bolýar


Niderlandlaryň baýdagy
Niderlandlaryň baýdagy

69 ýaşly bir gollandiýaly öz ýaşyny resmi ýagdaýda 20 ýyl kemeltmek talaby bilen suda ýüz tutdy.

Emile Ratelband özüniň doglan senesini 1949-njy ýylyň 11-nji martyndan 1969-njy ýylyň 11-nji marty diýlip üýtgedilmegini maksat edinýär.

Ol özüniň ýaşy sebäpli kemsinýändigini aýdyp, eger-de 20 ýyl ýaş bolsa, onda täze iş tapmagyň we internetde tanyşmagyň has aňsat boljakdygyny öňe sürdi.

Ol ýaşyň üýtgedilmegi bilen adyň çalşyrylmagy arasynda hiç hili ara tapawudy görmeýändigini aýtdy.

Ratelband: “Eger-de, adamlar muny edýän bolsalar? Näme üçin men öz ýaşymy üýtgedip bilmeýärin?!” diýen soran bilen ýüzlendi.

Gollandiýanyň sudy bu waka boýunça hökümi bir aýyň içinde çykarar.

XS
SM
MD
LG