Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähranda aýallar stadionda futbol ýaryşyna tomaşa etmäge goýberildi


Eýranly aýallar stadionda.
Eýranly aýallar stadionda.

Tähranda Aziýa çempionlar ligasynyň jemleýji oýnuna ýüzlerçe eýranly aýalyň tomaşa etmegine ygtyýar berildi diýip, ýerli media habar berýär. Bu onlarça ýyl aýallaryň futbol ýaryşlaryna baryp görmegini gadagan eden ýurtda öňe ädilen ädim bolup görünýär.

10-njy noýabrda Eýranyň Azady stadionynda Tähranyň “Persepolis“ futbol komandasy bilen Ýaponiýanyň “Kaşima Antlers” komandasynyň arasynda bolan bäsleşige tomaşa etmäge goýberilenleriň oýunçylaryň aýallarydygy, komandanyň aýallar toparynyň agzalarydygy aý-da futbol federasiýasynyň işgärleriniň aýallary bolandygy aýdylýar.

Oýun 0-0 gutardy, emma ýapon komandasy, özüniň Ýaponiýada gazanan 2-0 utuşyndan soň, Aziýanyň futbol täjine eýe boldy.

Şeýle-de bu oýna futboluň dünýä dolandyryş guramasynyň, FIFA-nyň prezidenti Gianni Infantino hem tomaşa etdi, ol aýallaryň stadiona gelmeklerine girizilen gadaganlyklary ýatyrmak boýunça Eýran bilen işleşýär.

Eýrandaky futbol stadionalary 1979-njy ýyldan bolan Yslam rewolýusiýasyndan bäri, 39 ýyllap aýallar üçin köplenç ýapyk boldy.

XS
SM
MD
LG