Bolgariýada müňlerçe adam ýangyç serişdeleriniň bahalarynyň ýokarlanmagyna we girizilen salgytlaryň artdyrylmagyna garşy protest geçirdiler, şeýle-de magistral ýollaryny we köçeleri böwetlediler.
Sofianyň merkezinde 2 müňden hem aşa adam milli baýdaklary galgadyp ýöriş geçirdi. Protestçiler “Mafiýa” we “Bolugsyzlyk” diýen şygarlary hem gygyrdylar.
Demonstrasiýalar ýurduň beýleki 20 töweregi şäherinde hem geçirildi. Sürüjileriň onlarçasy uly ýollary petiklediler. Protestçileriň käbiri premýer-ministri Boýko Borissowyň merkezi-sagçy koalisiýa hökümetiniň çekilmegini talap etdi.
Geçen aý dünýädäki nebit bahalarynyň galmagy bilen ýurtdaky ýangyç serişdeleriniň hem nyrhlary ýokarlanypdy.
Hökümetiň 2019-njy ýyldan başlap köneleşen ulaglara girizilen salgydy artdyrmagy hem köplerde gahar-gazap döretdi.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.