Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-da Demokratlar Muelleriň derňewini gorajak kanunçylygy hödürläp biljekdiklerini aýdýarlar


Protestçiler Ak Tamyň öňünde ýygnanyp "Muelleri halas ediň" ýazgysyny emele getirdiler. Waşington. 8-nji noýabr, 2018 ý.

ABŞ-da Demokratlaryň öňdebaryjy wekili Russiýanyň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna goşulandygy diýilýän ýagdaýlary we prezident Donald Trampyň saýlaw kampaniýasy bilen gatnaşyk saklan bolmagynyň mümkindigi baradaky ýagdaýlary seljerýän derňewi gorajak kanunçylygy hödürlemäge taýýarlanýandyklaryny aýtdy.

Senatdaky azlygyň lideri Çak Şumer (Chuck Schumer) eger-de baş prokuroryň wezipesini ýerine ýetiriji Matt Whitaker derňewe gözegçilik etmekden çekilmese, onda Ýörite Geňeşçi Robert Muelleri goramak üçin çäreleriň görlüp bilinjekdigini duýdurdy.

“Eger-de ol bu ýerde galsa, onda ol Muelleriň işine goşular ýa-da Muelleri çetleşdirer. Şonuň üçin, Kongres herekete geçmelidir” diýip, Şumer aýtdy.

Whitaker mundan öň, Muelleriň alyp barýan derňewini tankytlap çykyş edipdi. Whitakeriň tankytçylary onuň Muelleriň derňewine gözegçilik etmeginden çekilmegine çagyrypdylar.

Ozalky baş prokuror Jeff Sessionsyň döwri, derňewe onuň orunbasary Rod Rosenstein gözegçilik edipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG