Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Finlýandiýa GPS-iň işine Russiýanyň goşulyp-goşulmandygyny derňeýär


Finlýandiýanyň premýer-ministri Juha Sipila

Finlýandiýa NATO-nyň geçirýän harby türgenleşik döwri Russiýanyň Laplandiýadaky sputnik nawigasiýa ulgamynyň, ýagny GPS-iň işine goşulyp-goşulmandygyny derňeýändigini mälim etdi.

Bu barada ýurduň premýer-ministri Juha Sipila çykyş etdi.

Mundan birnäçe gün öň, Finlýandiýanyň howa gullugy ýurduň demirgazyk sebitlerinde GPS ulgamynda uly näsazlyklaryň bolup geçýändigi barada duýduryş yglan edipdi.

Goňşy Norwegiýa hem oktýabryň aýagynda, haçanda NATO-nyň giň gerimli harby türgenleşikleri başlananda uçarlar üçin GPS signalynyň ýitendigi barada duýduryş ýaýradypdy.

“Munuň arkasynda Russiýanyň duran bolmagy mümkin” diýip, Sipila aýtdy.

“Biz häzir muny deňreýäris we degişli jogaby bereris. Bu ýerde ‘muny’ sözüniň ähmiýetini kiçeltmek bolmaz. Sebäbi munuň netijesinde raýat uçarlaryna howp saldy” diýip, Finlýandiýanyň premýer-ministri belledi.

Häzir NATO Sowuk Urşy döwründen bäri özüniň iň giň gerimli harby türgenleşiklerini geçirýär. Oňa Ýaranlygyň 29 agzasy, şeýle-de Finlýandiýa we Şwesiýa gatnaşýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG