Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýada ozalky premýer-ministr Gruýewskä tussag buýrugy çykaryldy


Nikola Gruýewskiniň tussag edilmegi baradaky buýruk haty.
Nikola Gruýewskiniň tussag edilmegi baradaky buýruk haty.

Makedoniýanyň polisiýasy ýurduň ozalky premýer-ministri Nikola Gruýewskiniň tussag edilmegi baradaky orderi, ýagny buýruk hatyny çykardy. Gruýewskiý korrupsiýa aýyplamalarynda günäli tapylyp, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili orderiň suduň görkezmesi esasynda çykarylandygyny mälim etdi.

9-njy noýabrda sud Gruýewskini türme tussaglygyna garşy şikaýat edip ýazan soňky arzasyny hem ret edipdi.

Oppozisiýadaky WMRO-DPMNE konserwatiw partiýasynyň ozalky lideri Içeri işler ministrliginiň resmilerine 600 müň ýewrolyk kaşaň ulagy almaga bikanun basyş etmekde aýyplanyp, maýda tussaglyga höküm edilipdi.

48 ýaşly Gruýewski 2006-2016-njy ýyllar aralygynda premýer-ministr bolupdy. Onuň başlyklyk eden oppozision WMRO-DPMNE partiýasy, Gruýewskä bildirilýän aýyplamalaryň syýasy matlaplara esaslanýandygyny aýdýar.

Gruýewskä korrupsiýa aýyplamalary bilen baglylykda ýene-de üç sud diňlenişigi garaşýar.

XS
SM
MD
LG