Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýa Gruýewskiniň Wengriýada tussag edilmegini gazanjak bolýar


Makedoniýanyň ozalky premýer-ministri Nikola Gruýewski.
Makedoniýanyň ozalky premýer-ministri Nikola Gruýewski.

Makedoniýanyň Içeri işler ministrligi ýurduň ozalky premýer-ministri Nikola Gruýewskiniň tussag edilmegi boýunça çykaryljak halkara orderiniň, ýagny buýruk hatynyň esasynda onuň ele salynmagyny gazanjak bolýar.

Mundan öň, Makedoniýanyň sudy Gruýewskini korrupsiýa aýyplamalarynda günäli tapyp, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi. Munuň yzy bilen ozalky premýer-ministr Wengriýa aşypdy.

Polisiýa paýtagt Skopýede Gruýewskini gözleýän pursady, ol özüniň Facebook hasabynda häzirki pursat Budapeştde ýerleşýändigini we syýasy gaçybatalga sorandygyny aýdyp, ýazgy galdyrdy.

“Soňky birnäçe günüň dowamynda maňa dowamly ölüm haýbatlary atyldy. Men häzir Budapeştde. Men Wengriýanyň resmilerinden syýasy gaçybatalga soradym” diýip, Gruýewskiý belledi.

“Reuters” habarlar gullugy, Makedoniýanyň polisiýasyna salgylanyp, Gruýewskiniň ýurduň serhedini kanuny ýollar arkaly geçmändigini habar berdi.

Wengr hökümetiniň sözçüsi bu ýagdaýlar boýunça kommentariýa bermekden saklandy.

XS
SM
MD
LG