Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýete jenaýat eden polisiýa, hukuk goraýyş ofiserleri üçin has kän türme gerek


Ýaroslawl IK-1 türmesindäki adam gynamalaryň wideoşekili
Ýaroslawl IK-1 türmesindäki adam gynamalaryň wideoşekili

Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli türme resmisi ýurda jenaýatda günäli tapylan polisiýa ofiserlerini we beýleki hukuk goraýjy işgärleri saklamak üçin has kän türmäniň gerekdigini aýdýar.

Federal türme gullugynyň başlygynyň orunbasary “Eho Moskvy” radiosynda efiren berlen söhbetdeşlikde ozalky hukuk goraýjy ofiserleri saklamak üçin 2018-nji ýylda iki sany täze türmäniň gurlandygyny, emma olaryň eýýämden tussagdan doludygyny, ýene “has kän türmäniň açylmalydygyny” aýtdy.

"Ýönekeý adamlar üçin niýetlenen [düzediş] koloniýalarynyň sany azalýar, özem üzül-kesil azalýar” diýip, Maksimenko tussaglaryň iberilýän ýerleriniň resmi adyny tutup aýtdy.

"Emma ozalky polisiýa işgärleriniň koloniýalarynyň sany üzül-kesil köpelýär” diýip, ol aýtdy. “Bu bir özboluşly tendensiýa; görnüşinden korrupsiýa garşy göreş alnyp barylýar, arassalaýyş geçirilýär”.

Maksimenkonyň aýdan sözleriniň şol ýokarlanýan sanlary şöhlelendirýän bolmagy mümkin, ýöne onuň orsýetlileri prezident Wladimir Putiniň hökümetiniň köpden bäri dowam edýän polisiýa bidüzgünçilijkleriniň we korrupsiýanyň garşysyna göreşýändigine ynandyrmak maksady bilen aýdylan bolmagy-da bolup biljek zat.

Ol Orsýetiň umumy türme ilatynyň möçberi, anyk sany barada gürrüň edende, soňky ýyllarda türmä basylan hukuk goraýjy ofiserleriň anyk sanyny aýtmady.

Polisiýa ofiserleriniň, türme gözegçileriniň we beýleki hukuk goraýjy ofiserleriň baş goşýan eden-etdilikleri we uzak wagt bäri problema bolmagynda galýar.

Bu ýagdaý soňky aýlarda, Ýaroslawl türmesine bir tussagyň birnäçe türme gözegçisi tarapyndan gazaply ýenjilişiniň wideoýazgy edilmegi bilen, jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekdi.

Makismenko 2012-nji ýylda, özi türme edarasynda işläp başlan wagtynda rus türmelerinde 1 million çemesi tussagyň bolandygyny, häzir tussaglaryň sanynyň 470 müňe çenli azalandygyny aýtdy.

Federatiw türme edarasynyň maglumatlaryna görä, 1-nji noýabra çenli alnan sanlar türmede 571 müň çemesi tussagyň saklanylýandygyny, ýagny bendileriň sanynyň bir ýyl ozalkysyndan 31,200 çemesi azalandygyny görkezýär.

571 müň tussagyň 468 müň çemesi iş kesilen adamlar, galanlary deslapky tussaghanalarda saklanylýan, heniz sud edilmedik raýatlar bolup durýar.

XS
SM
MD
LG