Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Eýran Hizballah we beýleki ýaranlary üçin ýylda $1 milliard harçlaýar


Nathan Sales
Nathan Sales

ABŞ Eýranyň her ýyl Ýakyn Gündogardaky Hizballah, Hamas we beýleki tarapdar toparlaryna 1 milliard dollar möçberinde maliýe serişdelerini goýberýändigini aýdýar.

Döwlet departamentiniň terrorçylyga garşy koordinatory, ABŞ-nyň ilçisi Nathan Sales Eýranyň ýylda Hizballah üçin 700 million dollar maliýe serişdesini harçalaýandygyny aýtdy. Gürrüňi gidýän liwanly harby topar Ysraýyl bilen çaknyşypdy. Şeýle-de, ol Siriýada dowam edýän ýedi ýyllyk graždançylyk urşunda prezident Başar al-Assady goldap gelýär.

Sales Tähranyň, mundanam başga, Gaza zolagyna gözegçilik edýän Palestinanyň Hamas ýaragly toparyna we “Palestinanyň beýleki terrorist toparlary” diýip häsiýetlendiren ýaraglylaryna ýylda 100 million dollar goýberýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň resmisi beýleki maliýe serişdeleriniň anyk nirä harçlanýandygy barada maglumat bermedi. Emma, ol Eýranyň Ýakyn Gündogardaky jeňçileri goldamak üçin goýberýän pullarynyň 1 milliard dollara golaýlaýandygyny aýtdy.

“Eýran dünýäde terrorizmi goldaýan esasy döwletleriň biridir. Ol muny ençeme ýyllaryň dowamynda edip gelýär, şeýle-de bu saýlap alan ýolundan sowuljaga meňzemeýär” diýip, Sales belledi.“Bularyň ählisiniň bahasyny adaty eýranlylaryň töleýändigi gynandyryjydyr” diýip, Sales sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG