Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ aňtaw gulluklary Khaşoggini öldürmek buýrugyny tagt başyndaky şazadanyň berendigine ynanýarlar


Tagt başyndaky şazada Muhammad bin Salman

ABŞ-nyň aňtaw resmileri geçen aý Türkiýede žurnalist Jamal Khaşoggini öldürmek buýrugyny saudlaryň tagt başyndaky şazada Muhammad bin Salmanyň berendigine ynanýandyklaryny aýtdylar.

Habar serişdelerinde peýda bolan maglumata görä, ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň bu baradaky netijesi saudlaryň ABŞ-daky ilçisi, tagt başyndaky şazadanyň dogany şazada Khaled bin Salmanyň Khaşoggi bilen geçiren telefon gepleşigine esaslanýar.

Saud ilçisi bulary ret etdi.

Saud hökümetiniň tankytçysy Khaşoggi 2-nji oktýabrda saudlaryň Stambuldaky konsulhanasynda öldürilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG