Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müňlerçe çeh Praganyň köçelerine çykyp, premýer-ministriň işden çekilmegine çagyrdy


Praga, çehler Babişiň işden çekilmegine çagyrýar.
Praga, çehler Babişiň işden çekilmegine çagyrýar.

17-nji noýabrda müňlerçe çeh Praganyň köçelerine çykyp, premýer-ministr Andreý Babişiň işden çekilmegine çagyrdy.

Bu protest 1989-njy ýylda bolan we Çehoslowakiýadaky kommunist dolandyryşyny soňlan Mahmal rewolýusiýanyň 29 ýyllygyna gabat geldi.

Babişiň işden çekilmegi baradaky çagyryşlar 13-nji noýabrdan, Çeh respublikasynyň mediasy onuň ogly Andreý bilen söhbetdeşlik guraly bäri eşidilýär.

Bu söhbetdeşlikde ol kakasynyň özüni, Babişiň we onuň iki çagasynyň on ýyl ozal Ýewropa Bileleşiginiň beren 2 million ýewro ($2.27 million) subsidiýasyny alandygy barada aýdylýanlaryň derňewine päsgelçilik döretmek üçin, Orsýetiň Ukrainadan basyp alan Krym sebitine gitmäge mejbur edendigini gürrüň berýär.

Milliarder biznesmen Babiş özüniň nädogry iş etmändigini aýtdy we işden çekilmekden boýun towlady. Şeýle-de ol öz oglunyň ruhy hassadygyny we ýurtdan öz erkine gidendigini aýtdy.

Mundanam başga, Babiş çeh ýa-da daşary ýurt aňtaw gullugynyň özüni wezipesinden çetleşdirmek üçin “kompaniýa” guraýan bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG