Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranda aýlyklaryň gijikdirilmegine garşy protest geçiren ‘dört adam tussag edildi’


Kuzestandaky hurma plantasiýalary.

Eýranyň günorta-günbatarynda aýlyklaryň gijikdirilýändigi sebäpli protest geçiren dört işçi tussag edildi.

IRNA habarlar gullugynyň maglumatyna görä, Kuzestan welaýatynyň Şuş şäherindäki Haft Tapeh şeker zawodynyň işgärleri eýýäm ençeme günläp protest geçirýärler. Bu zawodda 4 müň töweregi adam zähmet çekýär.

IRNA ýerli ýaşaýjylaryň hem işgärlere duýgudaşlyk bildirip protest çärelerine goşulandyklaryny habar berdi.

Döwlet eýeçiligindäki habar serişdesi tussag edilenleriň arasynda işçileriň iki wekiliniň we bir aýal žurnalistiň bolandygyny hem mälim etdi. Mundan başga goşmaça maglumat berilmedi.

Soňky aýlaryň dowamynda Eýranyň dürli, şol sanda metalurgiýa, bilim, magdançylyk we transport pudaklarynyň işgärleri hem iş şertlerine we gijikdirilýän aýlyklara garşy ençeme protest çärelerini geçiripdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG