Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml: Putin ýyllyk metbugat ýygnagyny öňümizdäki aý geçirer


Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow.
Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow.

Rus prezidenti Wladimir Putin özüniň ýyllyk metbugat ýygnagyny öňümizdäki aýda geçirer. Bu barada Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow mälim etdi.

“Ýyllyk metbugat ýygnagy adat bolşy ýaly dekabrda geçirilýär. Bu däbe öwrülen format saklanyp galar” diýip, Peskow çykyş etdi. Emma, ol çäräniň geçjek anyk senesini mälim etmedi.

Geçen ýyl Putin 14-nji dekabrda dört sagada golaý dowam eden çykyşynyň dowamynda şu ýylyň martynda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna gatnaşjakdygyny yglan edipdi.

Adalatsyz diýip giňden tankytlanan saýlawlarda Putin sesleriň 76%-ni alyp, dördünji gezek prezident saýlanypdy.

XS
SM
MD
LG