Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýa Gruýewskiniň gaçmagy bilen baglylykda wengr ilçisini çagyrdy


Makedoniýanyň ozalky premýer-ministri Nikola Gruýewski. Arhiw suraty.
Makedoniýanyň ozalky premýer-ministri Nikola Gruýewski. Arhiw suraty.

Makedoniýanyň Daşary işler ministrligi Wengriýanyň Skopýedäki ilçisini çagyryp, Budapeştden ozalky makedon premýer-ministri Nikola Gruýewskiniň gaçybatalga arzasyny ret etmegini resmi derejede sorady.

Gruýewski şu aýyň başynda türme tussaglyk höküminden gaçyp, Wengriýa aşypdy.

Makedoniýanyň döwlet sekretary Wiktor Dimowskiý ilçi Laszlo Dukese “protest notasyny” gowşurdy diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.

Mundanam başga, wengr hökümetine 48 ýaşly ozalky premýer-ministriň yzyna öwrülmegini kepillendirmek üçin “iki ýurduň arasyndaky oňaýly hyzmatdaşlygyň ruhuna we Ýewropa gymmatlyklaryna esaslanmagyna” çagyryş edildi.

2006-2016-njy ýyllar aralygynda premýer-ministr bolan Gruýewski maýda iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol häkimiýet başynda wagty Içeri işler mininstrliginiň resmilerine basyş edip, 600 müň ýewrolyk kaşaň ulagy satyn aldyrmakda günäli tapylypdy.

Suduň hökümi bilen baglylykda soňky arzasy hem 9-njy noýabrda ret edilenden soň, Gruýewski Wengriýa gaçyp, ol ýerden gaçybatalga sorapdy.

XS
SM
MD
LG