Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýa Gruýewskä gaçybatalga ‘beripdir’


Makedoniýanyň ozalky premýer-ministri Nikola Gruýewski (çepde) Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbany garşylaýar. 2017 ý.
Makedoniýanyň ozalky premýer-ministri Nikola Gruýewski (çepde) Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbany garşylaýar. 2017 ý.

Makedoniýanyň hökümeti gaçgak ozalky premýer-ministr Nikola Gruýewskiniň ekstradisiýa edilmegi boýunça arzany ýazdy. Bu aralykda, Wengriýanyň Gruýewskä eýýäm gaçybatalga berendigi barada maglumatlar peýda boldy.

Makedoniýanyň Adalat ministrligi Wengriýa ekstradisiýa arzasyny sişenbe güni ýollandygyny aýtdy.

Mundan öň, Wengriýanyň döwlet tarapyndaky gazeti Magýar Idok Gruýewskiniň öz ýurduna dolanan halatynda, onuň syýasy jezalandyrmalara sezewar bolup biljekdigi baradaky howatyrlanmalar sebäpli, oňa gaçybatalganyň berlendigini ýazypdy.

Gruýewski şu aýyň başynda türme tussaglyk möhletinden gaçyp, Wengriýa aşypdy.

Gruýewski özüniň Facebook hasabynda Wengriýanyň onuň gaçybatalga sorap ýazan arzasyna “oňaýly jogap berendigi” barada ýazgy galdyrdy.

Wengriýanyň resmileri muny tassyklap çykyş etmediler.

2006-2016-njy ýyllar aralygynda premýer-ministr bolan Gruýewski maýda iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol häkimiýet başynda wagty Içeri işler ministrliginiň resmilerine basyş edip, 600 müň ýewrolyk kaşaň ulagy satyn aldyrmakda günäli tapylypdy.

Gruýewski suduň hökümi bilen baglylykda soňky arzasy 9-njy noýabrda ret edilenden soň, Wengriýa gaçyp, ol ýerden gaçybatalga sorapdy.

XS
SM
MD
LG