Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistanda daşary ýurtly welosipedçileri öldürmekde aýyplanýana ömürlik türme tussaglygy berildi


Hüseýn Abdulsamadow dokuz, şol sanda terrorizm, dini ekstremizm maddalary boýunça günäli tapylypdy.

Täjigistanda iýulda daşary ýurtly dört welosipedçini öldürmekde aýyplanýan “çakdan aşa zalymlyk bilen adam öldürmekde” we beýleki jenaýatlarda günäli tapylyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

Bu barada Azatlyk Radiosyna ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud diňlenişigine gatnaşyjylaryň biri maglumat berdi.

Saýlanan sud oturdaşlarynyň biriniň maglumatyna görä, Hüseýn Abdulsamadow dokuz, şol sanda terrorizm, dini ekstremizm maddalary boýunça günäli tapylypdyr.

Sudda jemi 15 aýyplanýan sud edildi. Olaryň ikisi, Karomatullo Ghaniýew we Behruz Safoýew jenaýat toparynyň we ekstremist guramasynyň agzalary bolmakda günäli tapylyp, her biri 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Aýyplanýanlaryň galan 12-si jenaýat barada wagtynda habar bermezlikde günäli tapylyp, 12 we 18 aý aralygynda türme tussaglygyna höküm edildi.

29-njy iýulda Täjigistanyň günortasynda dört, ýagny ABŞ-ly bir erkek we bir aýal maşgala, bir gollandiýaly we bir şwesiýaly welosipedçi öldürilipdi. Hüjümde beýleki iki welosipedçi aman galmagy başarypdy.

Resmiler hüjümi amala aşyran bäş hüjümçiden diňe biriniň, ýagny Abdusamadowyň diri galandygyny, beýlekileriniň bolsa howpsuzlyk güýçleriniň operasiýasynda öldürilendigini aýtdylar.

Abdusamadowa dokuz madda boýunça aýyplama bildirilýär. Sud edilýänleriň beýlekileri hüjümi gurnamakda oýnan rollary bilen baglylykda aýyplanýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG