Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak prokurory ozalky bankir Muhtar Abliýazowa ömürlik tussaglyk soraýar


Muhtar Abliýazow

Gazak prokurory ozalky bankir, 2004-nji ýylda BTA-nyň (BankTuranAlem ) başlygy Ýeržan Tatişewiň öldürilmegini gurnamakda aýyplanýan Muhtar Abliýazowa ömürlik tussaglygyň berilmegini sorady.

Gazagystanyň BTA bankynyň ozalky başlygy Abliýazow Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň tanymal garşydaşy bolup durýar. Ol 5 milliard dollar ogurlygynda güman edilip, Gazagystan, Orsýet we Ukraina tarapyndan gözlenilýär.

Türmä basylan gazak biznesmeni Murathan Tokmadi gazak sudy tarapyndan martda Tatişewi öldürendigi üçin 10 ýarym ýyl tussaglyga höküm edildi.

Tokmadi Tatişewi 2004-nji ýyldaky aw-şikar mahalynda öldürendigini boýun aldy. Emma ol bankiri Abliýazowyň tabşyrygy boýunça öldürendigini aýtdy.

Tatişewiň ölümi şol wagt atdanlykda bolan hadysa diýlip hasaplanandan soň, Abliýzow bankyň başlygy boldy.

Abliýazow 2009-njy ýyldan bäri daşary ýurtda ýaşaýar. Ol, syýasy sebäpli diýip, pul ogurlygy aýyplamalaryny ret edýär, Tokmadä adam öldürmek buýrugyny berendigi barada aýdylýanlaryň “ýalandygyny” aýdýar.

Gazagystanyň Taraz şäherindäki sud Abliýazowa çykarylan hökümi 27-nji noýabrda yglan eder.

Soňky ýyllarda, howpsuzlyk aladalary ýa-da syýasy yzarlanmalar sebäpli, Gazagystandan ençeme syýasatçy we aktiwist gaçyp çykdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG