Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

GRU-nyň başlygy “uzaga çeken agyr keselden” aradan çykdy


Igor Korobow

Orsýetiň harby aňtaw gullugy GRU-nyň başlygy Igor Korobow “uzaga çeken agyr keselden soňra” aradan çykdy diýip, ors mediasy Goranmak ministrligine salgylanyp, 21-nji noýabrda habar berdi.

Goranmak ministrligi Korobowyň ölümi barada jikme-jik maglumat berenok.

Ministrlik 2016-njy ýyldan bäri aňtaw gullugyna ýolbaşçylyk edip gelen 62 ýaşly Korobowy “ajaýyp adam, Orsýetiň wepaly ogly we öz ýurdunyň watançysy” diýip atlandyrdy.

Korobow bu wezipä agentligiň öňki başlygy 58 ýaşly Igor Sergun aradan çykanyndan soňra bellenipdi.

Günbatar GRU-ny bir giden utançsyz hüjümlerde aýyplady.

Britaniýa bu aňtaw gullugyny ozalky ors içalysy Sergeý Skripaly we onuň gyzyny Angliýanyň Salisbury şäherinde zäherlemäge synanyşmakda günäledi.

Niderlandlar bu gullugyň zyýanly niýetler bilen himiki ýaraglaryň global gözegçilik guramasynyň kompýuter ulgamyna girmäge synanyşandygyna ynanýar. Birleşen Ştatlaryň aňtaw gulluklary hem 2016-njy ýylda Amerikada geçen prezident saýlawlaryny bozmaga gönükdirilen synanyşyklaryň aňyrsynda GRU-nyň durandygyny aýdýarlar.

Orsýet bolsa bu aýdylýanlary ret edýär.

Korobow GRU-nyň beýleki ofiserleri bilen birlikde “ors hökümetiniň bähbidine kiber howpsuzlygyny gowşatmaga gönükdirilen işler sebäpli” Birleşen Ştatlar tarapyndan sanksiýa sanawyna alyndy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin üstümizdäki aýyň başlarynda GRU-nyň 100-nji ýyl dönümi mynasybetli bu aňtaw gullugyny taryplady.

“Men siziň professionallygyňyza, siziň şahsy edermen we aýgytlylygyňyza, her biriňiziň Orsýetiň we halkymyzyň talap eden ähli zadyny etjekdigiňize berk ynanýaryn” diýip, Putin 2-nji noýabrda aýtdy.

Bolşewik rewolýusiýasyndan soňra 1918-njy ýylda gurlan GRU içerki Federal hopsuzlyk gullugy we Daşary aňtaw gullugy SWR bilen birlikde Orsýetiň üç sany esasy aňtaw agentlikleriniň biridir.

Putin agentligiň adynyň Esasy aňtaw müdiriýeti GRU-dan Esasy müdiriýet diýip üýtgedilmegini tankytlady.

Ol: “Aňtaw sözüniň nirä gideni belli däl ... Bu gaýtadan dikeldilmeli” diýdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG