Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti ÝHHG-niň milli azlyklar boýunça ýokary komissaryny kabul etdi


ÝHHG-niň milli azlyklar boýunça ýokary komissary Lamberto Zanniýer. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji noýabrda ÝHHG-niň milli azlyklar boýunça ýokary komissary Lamberto Zanniýeri kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, duşuşyk mahalynda ýurtdaky milli azlyklar we olaryň jemgyýetiň durmuşynagoşulmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň baştutany komissara ýurduň ähli raýatlarynyň deň hukukly we parahat gatnaşykda bolmagynyň ösüşiň kepili bolup durýandygyny aýtdy we Türkmenistanda geçen ýyl adam hukuklary boýunça ombudsmeniň -adalatçynyň wezipesiniň döredilendigini habar berdi.

Taraplar mundan beýläk hem özara hyzmatdaşlygy ilerletmäge bar bolan meseleleri bilelikdä çözmäge taýýardyklaryny bellediler.

Du­şu­şy­ga ÝHHG-niň Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň baş­tu­ta­ny Na­tal­ýa Drozd hem gat­naş­dy.

ÝHHG-niň wekili şol gün türkmen parlamentinde duşuşyk geçirdi, şeýle-de Türkmenistanyň DIM-niň başlygy Reşit Meredow, onuň orunbasarlarynyň biri Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG