Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HORMATLY ARKADAG: ÝHHG-niň milli azlyklar boýunça baş komissaryna dürs hakykaty görkezmedilermikä?!


Milli egin-eşiklere geýnen okuwçylar

Hormatly Azatlyk radiosy!

Bilşiňiz ýaly, 21-23-nji noýabr aralygynda Türkmenistanda ÝHHG-niň milli azlyklar boýunça baş komissary jenap Zanýeriň sapary bolup geçdi.

Hökümetçi ORIENT.tm-niň beren habaryndan (В Ашхабаде прошел круглый стол с участием Верховного комиссара ОБСЕ | ORIENT: ИНФОРМАГЕНТСТВО http://orient.tm/ru/2018/11/23/19869.html) çen tutulsa, hamala baş komissar Daşoguz welaýatyna baryp, ol ýerde ýaşaýan özbek jemagaty üçin ähli şertleriň döredilendigini görüpdir.

Ýöne welin, iş ýüzünde jenap Zaniere dürs hakykaty görkezmedilermikä?!

Daşoguz welaýatynyň 35-45 % etniki özbekler düzýär, emma muňa garamazdan, ol ýerdäki ähli özbek, gazak, rus mekdepleri ýok edildi. Milli azlyklar üçin hiç hili mümkinçilik galmady öz milliligini saklamaga.

Hormatly redaksiýa, sizden uly haýyş etmek bilen soraýaryn! Öz efiriňizde we saýtyňyzda Türkmenistandaky milli azlyklaryň bu günki awtoritar we milletçi hökümetiň salýan sütemine sezewar bolýandygy barada gepleşik taýýarlasaňyz, haýyş sizden!

Dünýä jemgyýetçiligine açyp görkeziň soňky bolýan ahwaly! 2018-nji ýyl tamamlanyp barýar, entägem özbek milletiniň köpçülik bolup ýaşaýan Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýeke-täk-de özbek dilinde okadylýan, ýekeje-de hiç bolmanda özbek dili we edebiýaty okadylýan mekdep, çagalar bagy, uçilişe, hünärment mekdepleri, pedinstitut ýok!

Şunça geçen ýyllaryň içinde bir sany hem buluç , kürt, pars dillerinde okadylýan mekdepler ýa-da okuw edebiýaty döredilmedi. Gazak jemagatynyň ykjam ýaşan köp oba-şäherçeleri boşap galdy, hatda bu gün galan gazak çagalar üçinem ene dili we edebiýatyndan dersler okadylmaýar! Ýurtda 71 sany rus dilinde okadylýan synplary bar diýilýän mekdeplerdäki mugallymlaryň ýaşyna göz aýlasaň, ýüregiň agyrýar.

Öz Çärjewimizdäki 11, 21, 24, 26, 29, 36-njy mekdeplerdäki rus dilli mugallymlaryň ortaça ýaşy 55-60 töwereginde! Sanalgy 5-7 ýyldan ol mekdeplerdäki rus dilli synplary okadara mugallymam galmaz ahyryn, ähli mugallymlar pensiýa çykyp, ýarawsyz bolup, dünýäden ötüp gitseler.

Türkmenleşdirmäniň netijesinde bu gün bilim ulgamy we ykdysadyýet ýumrula-ýumrula ýok bolara geldi. Keteni we ýektek (don), öýme we tahýa - ine esasy maksat... a adam hukuklary, ähli milletleriň deňligi.. bu zatlar ertekä öwrüldi.

HORMATLY AZATLYK RADIOSY! MILLI AZLYKLARYŇ DILLERINDE OKADYLMALY MEKDEPLERIŇ HENIZEM AÇYLMANDYGY DOGRUSYNDA ÖZ EFIRIŇIZDE HUKUK HEMAÝATÇY GURAMALARA, ÝHHG, KONGRESE, ÝB ÝETER ýaly ÖZ DIŇLEÝJILERIŇIZI WE OKYJYLARYŇYZY ŞU MESELE BILEN TANYŞDYRAÝSAŇYZ!

Köp sag boluň. Işiňizde üstünlik we ýeňişler bolsun! Hormatlamak bilen, Lebapdan Merdan.

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Men munuň bilen, AÝ/AR-na teswirime gelen jogaby maňa ugratmagy üçin meniň e-mail adresimi ulanmagyna razylyk berýärin

XS
SM
MD
LG