Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TDH Ýokary komissaryň Türkmenistanda hukuklaryň berjaý edilişinden 'kanagatlanandygyny' aýdýar


ÝHHG-niň milli azlyklar boýunça Ýokary komissary Lamberto Zanniýer. Arhiw suraty
ÝHHG-niň milli azlyklar boýunça Ýokary komissary Lamberto Zanniýer. Arhiw suraty

23-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistandaky milli azlyklar meselesine bagyşlanan “tegelek stol” duşuşygy geçirildi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, bu duşuşyga ÝHHG-niň milli azlyklar boýunça Ýokary komissary Lamberto Zanniýer, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, ÝHHG-niň Ýokary komissarynyň geňeşçileri Bob Din, Andreý Hanžin we doktor Elžbeta Kuzborska we beýlekiler gatnaşdy.

Neşir duşuşyga gatnaşyjylaryň ýurtda “her bir adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilişiniň ähli ugurlarynyň döwletiň yzygiderli üns merkezinde saklanýandygyny kanagatlanma bilen belländiklerini” aýdýar.

Milli azlyklaryň hukuklaryny yzygiderli bozmakda tankytlanýan Türkmenistanda bolandygy aýdylýan özgerişlikler hökümete tarapdar Orient.tm tarapyndan hem tassyklanylýar.

Neşiriň ýazmagyna görä, “tegelek stol” duşuşygyny alyp baran Lamberto Zanniýer Daşoguz welaýatyna eden sapary barada gürrüň berip, Türkmenistanda medeni, dini we dil aýratynlyklary bolan dürli azlyklaryň durmuşyň ähli gatlagyna goşulyşmagy üçin üstünlikli strategiýalaryň ulanylýandygyny belläpdir.

Emma hukuk goraýjy aktiwistler Türkmenistanda etniki azlyklaryň wekilleriniň dürli çäklendirmelere sezewar edilýändigini, ýurtdaky özbek, gazak, rus mekdepleriniň ýapylyp ýok edilendigini aýdýarlar.

Şeýle-de Türkmenistanda buluç, kürt, pars dillerinde okadylýan mekdepleriň ýokdugy, rus dilinden sapak berýän mugallymlaryň sanynyň ýyl-ýyldan azalýandygy habar berilýär.

“Mejbury türkmenleşdirme syýasaty alnyp barylýar, başga milletleriň wekillerini hem keteni köýnek, gyrmyzy don, öýme we tahýa zorluklaryna sezewar edýärler” diýip, Azatlyga hat ýazan Merdan aýdýar.

Lamberto Zanniýer 21-23-nji noýabr aralygynda Türkmenistanda saparda bolup, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem duşuşdy.

XS
SM
MD
LG