Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain kanunçykaryjylary ýurtda harby ýagdaýy girizmegi maslahat edýärler


Ukrain gämileri saklanandan soň, rus harby uçarlary Kerç köprüsiniň üstünden uçýarlar. 25-nji noýabr, 2018 ý.
Ukrain gämileri saklanandan soň, rus harby uçarlary Kerç köprüsiniň üstünden uçýarlar. 25-nji noýabr, 2018 ý.

Ukrain kanunçykaryjylary Russiýanyň Gara deňizde Krymyň kenarlarynda ukrain gämilerine ot açyp, olary ele geçirmeginden soň, ýurtda harby ýagdaýy girizip-girizmezlik baradaky karary maslahat edýärler.

26-njy noýabra bellenilen parlamentiň adatdan daşarky mejlisinden öň, prezident Petro Poroşenko Russiýanyň ele geçiren deňizçilerini we gämilerini goýbermäge çagyrdy.

Mundan öň, Poroşenko harby ýagdaýyň girizilmegini goldap çykyş edipdi. Munuň netijesinde, hökümetiň jemgyýetçilik demonstrasiýalaryny gadagan etmäge, mediany gözegçiligine geçirmäge we saýlawlary togtatmaga mümkinçiligi dörär.

25-nji noýabrda rus güýçleri iki harby gämä ot açyp, ekipažyň alty agzasyny ýaralapdy.

26-njy noýabrda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi hem ýagdaýy maslahat etmek üçin adatdan daşary mejlisini geçirer.

XS
SM
MD
LG