Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Režisýor Bernardo Bertoluççi aradan çykdy


Bernardo Bertoluççi

Belli italiýan kino-režisýory Bernardo Bertoluççi 77 ýaşynda aradan çykdy.

Italiýanyň habar serişdeleri Bertoluççiniň Rimdäki öýünde, maşgala agzalarynyň arasynda ýogalandygyny aýtdylar.

Dünýä kinomotografiýasynyň ägirtleriniň biri hasaplanýan Bertoluççi 1987-nji ýylda düşüren “Soňky Imperator” filmi üçin Oskar baýragyna hem mynasyp bolupdy.

Onuň 1972-nji ýyldaky “Pariždäki Soňky Tango” atly erotik-dramasy hem režisýora meşhurlyk getiripdi.

2013-nji ýylda ondan “Siz nähili ýatlanmagyňyzy isleýärsiňiz?” diýen sorag soralanda, ol “Men bu hakda asla-da pikir etmeýärin” “Meniň kinolarym bar, adamlar şolara tomaşa edip bilerler” diýipdi.

XS
SM
MD
LG