Ýewropa Bileleşigi Owganystan üçin 474 miliion ýewrolyk ($535 million) maliýe hemaýatyny berjekdigini yglan etdi. Bu barada BMG-niň howandarlygyndaky Owganystandaky ösüş, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine gönükdirilen halkara donorlarynyň konferensiýasynda mälim edildi.
Onlarça ýurduň diplomatlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bu çärede owgan prezidenti Aşraf Ghani çykyş edip, ýurda sermaýa ýatyrylmagyny sorady.
Maslahatda donorlaryň 2016-njy ýyldaky konferensiýasyndan bäri owgan hökümetiniň bölünip berlen milliardlarça dollary bilim, saglyk, infrastuktura pudaklarynda nähili ulanandygy hem seljerilýär.
Ýewropa Komissiýasy täze maliýe serişdeleriniň Owganystanyň jemgyýetçilik, saglyk, adalat we migrasiýa pudaklaryna goýberiljekdigini mälim etdi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.