Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp Putin bilen duşuşygyny ýatyrmagy mümkin


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Russiýanyň ukrain deňizçilerini tussag etmeginden soň, rus prezidenti Wladimir Putin bilen şu hepde Argentinada geçjek G-20 sammtiniň çäklerinde planlaşdyrylan duşuşygyny ýatyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Trampyň Waşington Post gazetine beren interwýusyndan öň, ukrain prezidenti Petro Poroşenko çykyş edip, Russiýa bilen “doly göwrümli urşuň turmagynyň howplary” barada duýdurdy.

Ýewropa liderleri hem 25-nji noýabrdaky hadysadan soň, Russiýa garşy sanksiýalaryň täze tapgyryny girizmegi göz öňünde tutýandyklaryny aýtdylar.

Geçen ýekşenbe güni Russiýanyň 2014-nji ýylda basyp alan Krym ýarymadasynyň kenarlarynda rus serhetçileri ukrain gämilerine ot açyp, olary, şeýle-de ekipaž agzalaryny ele geçiripdiler.

Tramp häzir özüniň milli howpsuzlyk toparlarynyň hadysa boýunça taýýarlaýan “doly hasabatyna” garaşýandygyny aýtdy.

Tramp Putin bilen Buenos Airesde 30-njy noýabrda we 1-nji dekabrda duşuşmalydy.

Rus sudy ele salnan 24 ukrain deňizçisiniň 12-ni iki aý tussaglyga höküm etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG