Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tussaglykdaky ozalky gazak uran tütjary möhletinden öň azatlyga goýberilmedi


Mukhtar Džakişew

Gazagystanyň uran läheňi “Kazatompromyň” tussaglykdaky ozalky prezidenti Mukhtar Džakişew möhletinden öň azatlyga goýberilmedi.

Džakişewiň aklawçysynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, bu baradaky degişli hökümi Semeýi şäher sudy çykarypdyr.

Aklawçy Džakişewiň höküm edilen 14 ýyl türme tussaglygynyň üçden iki bölegini eýýäm türmede geçirendigini aýtdy.

Hukuk toparlary Džakişewiň syýasy tussagdygyny aýdýarlar.

Sud resmileriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Džakişewiň amala aşyran jenaýaty üçin döwlete kompensasiýa tölemändigi sebäpli, onuň möhletinden öň azatlyga çykmak haýyşy ret edilipdir.

Džakişewiň tarapdarlary we adam hukuklaryna gözegçilik edýän halkara toparlary onuň 2009-njy ýylda tussag edilmeginden bäri, azatlyga goýberilmegi ugrunda çagyryşlary edýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG