Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gürjüstanda Zurabişwili prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy


Salome Zurabişwili

Gürjüstanda häkimiýet başyndaky partiýanyň kandidaty Salome Zurabişwili prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda, soňky deslapky netijelere görä, ýeňiş gazandy. Bu aralykda, oppozisiýa ses berilişigiň dowamynda galplyklaryň bolandygyny aýdyp, protestlere çagyrdy.

Merkezi Saýlaw Komissiýasy Fransiýada doglan Zurabişwiliniň sesleriň 59.52%-ni alandygyny mälim etdi.

Ozaky prezident Mihaýil Saakaşwiliniň esaslandyran “Birleşen Milli Hereket” partiýasynyň ýolbaşçylygyndaky oppozisiýa toparlarynyň dalaşgäri Grigol Waşadze sesleriň 40.48%-ni alypdyr.

Kandidatlaryň ikisi hem ozal ýurduň daşary işler ministri bolup işläpdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG