Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ resmisi “Talybany” “pursatdan peýdalanyp” gepleşiklere başlamaga çagyrdy


Alise Wells (Alice Wells)
Alise Wells (Alice Wells)

ABŞ-nyň ýokary derejeli bir resmisi “Talyban” jeňçilerini “pursatdan peýdalanyp” Kabul hökümeti bilen parahatçylyk gepleşiklerine resmi ýagdaýda başlamaga çagyrdy.

Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň baş orunbasary Alise Wells (Alice Wells) Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde prezident Aşraf Ghaniniň fewral aýynda parahatçylyk gepleşiklerine başlamak we iýun aýynda ok atyşyklary bes etmek çagyryşlary bilen parahatçylyk gepleşikleri üçin “mümkinçilik döredendigini” belledi.

“Owgan hökümeti taýýar” diýip, Wells belledi. Mundan öň, ABŞ resmisi Ženewada BMG-niň howandarlygyndaky Owganystana bagyşlanyp geçirilen iki günlük konferensiýa gatnaşypdy.

“Owgan halky, şol sanda ‘Talyban’ hem bu mümkinçilikden peýdalanmaga taýýar. Indi, ‘Talyban’ liderleriniň bu ugurda hereket edip-etmejekdigi sorag bolup dur” diýip, Wells sözüne goşdy.

Bu aralykda, ABŞ-nyň Yrakdaky we Owganystandaky ozalky ilçisi Zalmaý Khalilzad “Talybany” gepleşiklere çekmek ugrunda tagalla edýär. Ol häzire çenli “Talybanyň” Katardaky wekilleri bilen hem birnäçe gezek deslapky gepleşikleri geçiripdi.

Khalilzad şu aý Kabulda beren interwýusynda “Talyban” bilen parahatçylyk ylalaşygynyň, Owganystandaky nobatdaky prezidentlik saýlawlaryndan öň, ýagny 2019-njy ýylyň apreline çenli baglaşyp boljakdygyna umytly garaýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG