Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sowetleriň getiren aý bölekleri $855 müňe satyldy


Aý bölekleri 1970-nji ýylyň sentýabrynda pilotsyz Luna-16 missiýasynyň çäginde toplanypdy.
Aý bölekleri 1970-nji ýylyň sentýabrynda pilotsyz Luna-16 missiýasynyň çäginde toplanypdy.

Sowetleriň 1970-nji ýylda aýa iberen pilotsuz gämisiniň getiren aý bölekleri Nýu-Ýorkdaky auksionda 855 müň dollara satyldy.

Sotheby auksiony bu aý bölekleriniň şahsy adamyň elindäki hasaba alnan ýeke-täk aý bölekleridigini öňe sürdi.

Aý bölekleri näbelli ABŞ kolleksioneri tarapyndan auksiona hödürlendi. Ol bulary 1993-nji ýylda 442 müň 500 dollara satyn alypdy.

Sotheby daş bölekleriniň nobatdaky eýesiniň başga bir ABŞ kolleksioneridigini aýdyp, onuň şahsyýetini takyklaşdyrmady.

Aý bölekleri ilki başda sowetleriň älem programmasynyň ýolbaşçysy Sergeý Korolýowyň aýaly – Nina Korolýewa degişlidi. Olar Nina Korolýowa adamsynyň bitiren hyzmatlary üçin, sowgat hökmünde berlipdi.

Aý bölekleri 1970-nji ýylyň sentýabrynda pilotsyz Luna-16 missiýasynyň çäginde toplanypdy.

XS
SM
MD
LG