Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO, ÝB Ukrainanyň Russiýa has köp basyş etmek çagyryşlaryny sowuk garşyladylar


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel

Ýewropa liderleri we NATO ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň goranmak mümkinçiliklerini atdyrmak we Russiýanyň ukrain gämilerini we deňizçilerini ele geçirmegi sebäpli Moskwa goşmaça gadagançylyklary girizmek çagyryşlaryny sowuk garşyladylar.

NATO-nyň metbugat wekili Ýaranlygyň Gara deňizde, wakanyň ýüze çykan ýerinde ýeterlik güýçleriniň jemlenendigini we Azow deňzine goşmaga harby gämileri ýollamagy göz öňünde tutmaýandygyny aýtdy.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel “biz bu meseleleri diňe gepleşikleriň üsti bilen çözüp bileris, bu konfliktleriň hiç biriniň harby çözgüdi bolup bilmez” diýip, Poroşenkonyň çagyryşlaryny ret etdi.

XS
SM
MD
LG