Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jorj Buş, ABŞ-nyň 1989-1993 ýyllar aralygyndaky prezidenti 94 ýaşynda ardan çykdy 


Jorj Buş, 29-njy mart, 2012 ý. Houston, Tehsas.
Jorj Buş, 29-njy mart, 2012 ý. Houston, Tehsas.

Jorj Buş, Birleşen Ştatlaryň 41-nji prezidenti 94 ýaşynda aradan çykdy diýip, onuň maşgalasy aýtdy.

1989-93-nji ýyllarda amerikan prezidenti bolan, soňra ogly Jorj W. Buş hem Ak tamda kakasynyň kesbini dowam etdiren Jorj Buş 30-njy noýabrda ýogaldy.

Maşgalanyň sözçüsi Jim MakGras (McGrath) Jorj W.Buşuň garyndaşlary “biziň Kakamyzyň bellärlikli 94 ýyldan soň aradan çykandygyny gynanç bilen yglan etdiler” diýen sözlerini twitterde çap etdi.

Ölümiň sebäpleri barada aýdylan zat bolmady. 2012-nji ýylda Buşuň hereketini çäklendiren waskular parkinsonizm (vascular Parkinsonism) bilen keselländigi yglan edildi.

Buş özünden öňki amerikan prezidentleriniň ählisinden uzak ýaşady. Onuň aýaly, ozalky birinji hanym Barbara Buş şu ýylyň 17-nji aprelinde 73 ýaşynda aradan çykdy.

Prezident Donald Tramp we birinji hanym Melania Tramp 1-nji dekabrda twitterde çap edilen beýanatlarynda özleriniň Buşuň “aradan çykmagynyň ýasyny tutýan millete goşulýandyklaryny” aýtdylar.

XS
SM
MD
LG