Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran sudy žurnalist zenany 13 ýyla golaý türme tussaglygyna höküm etdi


Reformaçy žurnalist Hengameh Şahidi, mart, 2017.
Reformaçy žurnalist Hengameh Şahidi, mart, 2017.

Eýranyň Ynkylap sudy howpsuzlyk aýylmalarynda aýyplanan žurnaliste 13 ýyla golýa türme tussaglygy hökümini çykardy diýip, eýran mediasy habar berdi.

Reformaçy žurnalist Hengameh Şahidi suduň 12 ýyl 9 aý türme möhleti barada çykaran höküminiň üstünden şikaýat arzasyny ýazyp biler. Şeýle-de ol syýasy toparlara, media işjeňliklerine goşulmakdan, ýurtdan çykmakdan mahrum edildi.

"Sud seljerişliginiň konfidensiallygy we işiň howpsuzlyk häsiýeti zerarly men suduň höküminiň jikme-jikliklerini açyp bilmeýärin” diýip, Şahidiniň aklawçysy Mostafa Turk Hamedani hökümetiň resmi IRNA habar gullugyna aýtdy.

43 ýaşyndaky Şahidi iýundan bäri türmede otyr. Ol ozal 2009-njy ýylda, hökümet dawaly prezident saýlawlaryna garşy protest bildirenleri basyp ýatyranda hem tussag edildi.

Şahidi 2017-nji ýylda hem birnäçe aýlyk tussagda saklandy.

XS
SM
MD
LG