Pakistan berk liniýaly yslamçy toparyň tussag edilen ýolbaşçylaryny terrorizmde we pitnä meçew bermekde aýyplar diýip, hökümet 1-nji dekabrda aýtdy.
Maglumat ministri Fawad Çaudhry Tehrik-e Labaik (TLP) partiýasynyň ýolbaşçysy Khadim Hussain Rizwiniň we ýene iki TLP lideriniň bu aýyplamalar astynda ömürlik türme tussaglgyna höküm edilip bilinjekdigini belledi.
31-nji oktýabrda küpür geplemekde aýyplanan hristian zenany aklanandan soň guralan zorlukly protestlerden soň göz astyna alnan Rizwi bilen bilelikde onuň üç müňden gowrak goldawçysy hem tussag edildi.
Rizwi hem-de beýleki TLP liderleri zorluga meçew bermekde, sudýalar we harbylar babatda öjükdiriji sözleri aýtmakda aýyplandy.