Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ysraýyl polisiýasy ýurduň premýer-ministrini parahorlukda aýyplamagy maslahat berýär


Netanýahu özüne we aýalyna garşy bildirilen aýyplamalary bada-bat ret etdi.

Ysraýyl polisiýasy 2-nji dekabrda premýer ministr Benýamin Netanýahuwy parahorluk aýyplamalarynda aýyplamak rekomendasiýasyny berdi. Bu premýere garşy soňky aýlarda berlen şunuň ýaly üçünji rekomendasiýadyr.

Mundan öň polisiýa Netanýahuwy başga iki sany korrupsiýa işi boýunça derňemegi maslahat beripdi.

Netanýahu özüne we aýalyna garşy bildirilen aýyplamalary bada-bat ret etdi.

"Polisiýanyň men we aýalym babatda berýän rekomendasiýalary hiç kimi geň galdyrmaýar” diýip, Netanýahuwyň beýanatynda aýdylýar.

"Bu rekomendasiýalar barada derňew başlanmazyndan öň karara gelindi we olar syzyp çykdy” diýip, ol aýtdy.

Ysraýylyň premýer-ministri özüne garşy bildirilýän aýyplamalarda aýdylýan zatlary syýasy duşmalarynyň dildüwüşigi diýip atlandyrýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG