Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Tramp bilen Ukrain gapma-garşylygy hakynda gürleşendigini aýdýar


Rus prezidenti Wladimir Putin 20-ler toparynyň sammiti mahalynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen gürleşendigini aýdýar.
Rus prezidenti Wladimir Putin 20-ler toparynyň sammiti mahalynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen gürleşendigini aýdýar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin özüniň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen golaýda Gara deňizde ukrain we rusharby-deňiz gämileriniň arasynda bolan harby gapma-garşylyk hakynda gysgaçaça gürrüň edendigini aýtdy.

Putin 1-nji dekabrda, Argetinada geçirilýän 20-ler toparynyň sammiti mahalynda bolan gepleşikleriň jikme-jiklikleri hakynda kän zat aýtmady.

"Biz aýak üstünden gürleşdik. Men onuň gara deňizde bolan hadysa barada beren soraglaryna jogap berdim” diýip, Putiniň aýdan sözleri sitirlendi.

"Onuň öz pozisiýasy bar, meniň öz pozisiýam” diýip, Putin aýtdy we bu pikir alyşmadan soň hiç tarapyň pikiriniň üýtgemändigini sözüne goşdy.

Ak tam Tramp bilen Putiniň 20-ler toparynyň sammiti mahalynda, nahar wagtynda gürleşendiklerini tassyk etdi.

XS
SM
MD
LG