Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bütindünýä Banky klimatyň üýtgemegine garşy tagallalara $200 milliard ýatyrar


Bütindünýä Bankynyň Waşingtondaky edarasynyň girelgesi.

Bütindünýä Banky dünýä boýunça klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrundaky tagallalara 2021-25-nji ýyllar aralygynda 200 milliard dollar möçberinde sermaýa ýatyrar.

Bu aralykda, Polşanyň Katowiçe şäherinde BMG-niň klimat boýunça konferensiýasy geçirilýär. Iki hepde dowam etjek sammite dünýäniň 200 töweregi döwletiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Bütindünýä banky klimatyň üýtgemegine garşy tagallalara ygrarlydygyny we “dünýä jemgyýetçiligine mysal hökmünde” sermaýa ýatyrmak kararyna gelendigini aýtdy.

COP24 hem diýlip atlandyrylan BMG-niň konferensiýasynyň dowamynda 2015-nji ýylda baglaşylan Pariž ylalaşygynyň şertleriniň berjaý edilmegi we bu ugurdaky tagallalaryň maliýeleşdirilmegi maslahat edilýär.

Pariž ylalaşygyna laýyklykda, asyryň aýagyna çenli dünýä boýunça temperaturanyň ortaça derejesini selsiý boýunça 1.5 we 2 gradus derejesinde saklamak göz öňünde tutulýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG