Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina “Germaniýadan, ýaranlaryndan” Gara deňizdäki gämileriniň sanyny artdyrmagy sorady


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko “Germaniýa we ýaranlaryna” ýüzlenip, olaryň Gara deňizdäki gämileriniň sanyny artdyrmaga çagyrdy. Poroşenko munuň Russiýa üçin “saklaýjy faktor” boljakdygyny aýtdy.

Ukrain prezidenti Germaniýanyň Funke Media Group neşirine beren interwýusynda “Russiýanyň agresiw hereketlerine berk, agzybir, çürt-kesik jogabyň berilmelidigini” aýtdy.

Poroşenko Russiýanyň ukrain serhedine golaý sebitlerindäki esgerleriniň sanyny artdyrandygyny hem belledi.

“Moskwa Mariupol we Berdýansk [port şäherlerini] hem böwetläp okkupirlenen Donbas we okkupirlenen Krym aralygynda ýer koridoryny döretjek bolýar” diýip, hem sözüne goşdy.

25-nji noýabrda Russiýanyň 2014-nji ýylda basyp alan Krym ýarymadasynyň kenarlarynda rus serhetçileri ukrain gämilerine ot açyp, olary, şeýle-de ekipaž agzalaryny ele geçiripdiler.

Mundan soň, ukrain parlamenti ýurduň käbir sebitlerinde 30 günlük harby ýagdaýy girizdi.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG