Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran raketa synaglaryny dowam etdirjekdigini aýdýar


Eýran raketasy.
Eýran raketasy.

Eýran, ABŞ-nyň bu ugurdaky nägileliklerine garamazdan, raketa synaglaryny dowam etdirjekdigini aýtdy.

“Raketa synaglary... ýurduň howpsuzlygy jähtinden amala aşyrylyp, olar dowam etdiriler” diýip, Eýranyň harby güýçleriniň metbugat wekili, brigadir-general Abolfazl Şekarçi aýdy.

Ol Eýranyň “raketalarynyň önümçiligini we synaglaryny dowam etdirjekdigini”, şeýle-de bularyň “ýadro ylalaşygynyň çäklerine girmän, ýurduň milli howpsuzlygynyň bölegidigini we şonuň üçin hem hiç kimden rugsadyň soralmajakdygyny” belledi.

Mundan bir gün öň, ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Eýranyň orta-aralyk üçin niýetlenen raketalarynyň synaglaryny tankytlapdy.

“Raketalaryň Ýewropanyň böleklerini we Ýakyn Gündogardaky islendik ýeri urmaga mümkinçiligi bar” diýip, Pompeo belledi.

“Bu synaglar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýranyň ýadro ýaraglaryny daşamaga ukyply raketa synaglaryny gadagan edýän 2231 belgili rezolýusiýasyna çapraz gelýär” diýip, Pompeonyň beýanatynda nygtalýar.

XS
SM
MD
LG