Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Katar 2019-njy ýyldan başlap OPEC-dan çykýandygyny aýtdy


Kataryň energiýa ministri Saad Şerida al-Kaabi.
Kataryň energiýa ministri Saad Şerida al-Kaabi.

Katar şu ýylyň aýagyndan başlap Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasyndan, ýagny OPEC-dan çykýandygyny aýtdy. Bu barada Kataryň energiýa ministri Saad Şerida al-Kaabi mälim etdi.

Kaabi paýtagt Dohada geçirilen metbugat ýygnagynda bu kararyň 2019-njy ýylyň ýanwaryndan güýje girjekdigini aýtdy. Ol bu barada OPEC-a duýdurylandygyny hem sözüne goşdy.

Mundan öň, Saud Arabystany we, OPEC-a agza däl, Russiýa nebitiň önümçiligini çäklendirmek boýunça özara ylalaşygy täzeländiklerini yglan edipdiler. OPEC we oňa agza bolmadyk taraplaryň nebitiň önümçiligini belli bir derejede saklamak baradaky gelen ozalky ylalaşygy şu ýylyň aýagyna tamamlanmaly.

OPEC-iň düzümine 15 döwlet girýär.

XS
SM
MD
LG