Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gürjüstanda oppozisiýanyň öňdebaryjy wekili öli tapyldy


Nikoloz Rurua Gürjüstanyň Medeniýet ministri bolup işläpdi. Arhiw suraty.

Gürjüstanyň oppozisiýadaky Birleşen Milli Hereket partiýasynyň öňdebaryjy agzalarynyň biri Tblisidäki öýünde öli tapyldy.

Deslapky maglumatlara görä, Nikoloz Rurua ýürek näsazlygy sebäpli aradan çykypdyr.

50 ýaşly syýasatçy ýurduň ozalky prezidenti Mihaýil Saakaşwiliniň ýakyn ýaranlarynyň biridi.

Rurua Saakaşwili häkimiýet başyna geçende syýasata baş goşupdy. Ol 2009-2012-nji ýyllar aralygynda Gürjüstanyň Medeniýet ministri hem bolup işläpdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG