Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Russiýa ýadro ylalaşygyna dolanmak üçin 60 gün berdi


Döwlet sekretary Maýk Pompeo
Döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ eger-de Moskwa Sowuk Urşy döwrüniň ýadro ýaraglary ylalaşygyna iki aýyň dowamynda dolanmasa, onda Birleşen Ştatlaryň ylalaşykdan çykjakdygyny duýdurdy.

Döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) bu barada sişenbe güni çykyş etdi.

Mundan öň, Brýusselde NATO ýaranlary Russiýanyň 1987-nji ýylda Waşington bilen Moskwanyň baglaşan Orta aralykly ýadro güýçleri ylalaşygynyň şertlerini bozandygy baradaky ABŞ-nyň aýyplamalaryny “berk” goldadylar.

Ylalaşyk 500 we 5500 kilometr aralyga ýetmäge ukyply raketalaryň köpüsini gadagan edýär.

Günbatar bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlylygyň artýan döwri, oktýabr aýynda prezident Donald Tramp Russiýanyň özüniň täze ýaraglary bilen bu ylalaşygyň şertlerini bozýandygyny aýdyp, ondan çykjakdygyny aýdypdy.

Russiýa özüniň “SSC-8” diýlip hem atlandyrylýan “Nowator 9M729” kysymly raketalary barada köp maglumat bermeýär. Moskwa olaryň ylalaşygyň şertlerini bozmaýandygyny aýtmak bilen çäklenýär.

XS
SM
MD
LG