Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ: Orsýet 'Nowator' raketa sistemasyny ýok etmeli ýa-da täzelemeli


ABŞ-nyň Orsýetdäki baş konsuly Jon Huntsman

ABŞ Orsýetiň orta aralyga niýetlenen ýadro ýaraglar baradaky ylalaşygy (INF) berjaý etmek we Sowuk urşy döwründe baglaşylan bu ylalaşykdan ABŞ-nyň çykmagynyň öňüni almak üçin Nowator 9M729 kysymly raketa sistemasyny ýok etmelidigini ýa-da olaryň sanyny azaltmalydygyny aýdýar.

Döwlet sekretaryň ýaraglara gözegçilik we halkara howpsuzlygy boýunça orunbasarynyň 6-njy dekabrda žurnalistlere aýtmagyna görä, ýarag sistemasynyň möçberi 1987-nji ýylda baglaşylan INF paktyna gabat gelmeýär.

Moskwa Orsýetiň "doly we barlap bolaýjak derejedäki borçlaryny" dikeltmek üçin "sistemany ýeňletmeli, atyjylary ýeňletmeli ýa-da olary oňki uzaklykdan geçmeýän sistema çalyşmaly" diýdi.

Prezident Donald Tramp Orsýetiň ikitaraplaýyn bu ylalaşygy bozmagynyň güman edilýändigini belläp, ABŞ-nyň INF ylalaşygyny terk etjekdigini oktýabr aýynda yglan edipdi we ylalaşygyň Waşingtony çäklendirýändigini, şol bir wagtda-da ylalaşyklary baglaşmadyk Hytaý ýaly ýurtlaryň raketalary erkin öndürýändigini we ýerleşdirýändigini belläpdi.

ABŞ-nyň resmileri Orsýetiň SSC-8 diýlip, atlandyrylýan 9M729 sistemasynyň 500-5000 kilometr aralygyndaky ýer we ballistik raketalaryň gadagançylygyny bozýandygyny aýdýarlar.

4-nji dekabrda ABŞ Moskwanyň iki aýyň dowamynda ylalaşygy berjaý etmeklige dolanmasa öz borçnamalaryny ýatyrjakdygyny mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG