Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Orsýeti Kerç aýlagyny gabawda saklamakda aýylady


Kerç aýlagy

7-nji dekabrda Ukraina Orsýeti Gara we Azow deňizlerini baglanyşdyrýan Kerç aýlagyny gabawda saklamakda aýyplap, tiz wagtda aýlaga harby deňiz gämilerini iberjegini duýdurdy.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň eden bu duýduryşynyň regionda ikinji harby jedeliň döremegine ýol açmagy ähtimal. 25-nji noýabrda Orsýet Ukrainanyň üç sany harby gämisini we 24 sany harby gullukçysyny tussag etdi.

Ukrainanyň serhet gullugynyň 7-nji dekabrda aýtmagyna görä, Orsýetiň jikme-jik geçirýän barlaglary we döredýän päsgelçilikleri sebäpli Kerç aýlagynyň iki tarapynda Ukrainanyň 140 sany ýolagçy gämisi geçip bilmän galýar.

Ukrainanyň orsýet tarapyndan saklanan deňizçileri, olary boşatmak baradaky halkara çagyryşlaryna garamazdan, heniz tussaglykda galýarlar.

25-nji noýabrda Kerç aýlagynda ýüze çykan bu ýagdaý 2014-nji ýylda Orsýetiň Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşmagyndan soň iki ýurduň arasynda dörän nobatdaky dartgynlylykdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG