Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň ozalky prezidentiniň gaçgak inisi Pragada tussag edildi

Narek Sargsýana degişli diýip bilinýän ýaraglar we neşe maddalary.
Narek Sargsýana degişli diýip bilinýän ýaraglar we neşe maddalary.

Ermeni polisiýasy ozalky prezident Serž Sargsýanyň gaçgaklykdaky inisiniň Çeh respublikasynyň paýtagty Pragada tussag edilendigini aýdýar.

Ermeni resmileri 7-nji dekabrda polisiýa tarapyndan gözlenilýän Narek Sargsýanyň bir gün ozal, Interpolyň kömegi bilen,Pragada tussag edilendigini aýtdylar.

Polisiýanyň maglumatyna görä, Narek Sargsýan özüni Franklin Gonzales diýip tanadyp, galp Guatemala pasportyny görkezipdir.

Ermeni häkimiýetleri iýul aýynda Milli howpsuzlyk gullugynyň Sargsýany adam alyp gaçmak, bikanun neşe maddalaryny we ýarag saklamak jenaýatlary bilen ilteşikli hasaplap, tussag etmek buýrugyny çykardy.

XS
SM
MD
LG