Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ermenistanlylar irki parlament saýlawlarynda ses berýärler


Parlament saýlawlarynda bäsleşýän partiýalaryň we bloklaryň liderleri

Dokuz aý öň müňlerçe protestçiniň köçelere çykmagy netijesinde, parahat ýagdaýda hökümet çalşan ermenistanlylar, has demokratik dolandyryşa umyt baglap, irki parlament saýlawlarynda ses berýärler.

Saýlawdan öňki pikir soramalary ýerine ýetiriji premýer-ministr Nikol Paşinýanyň “Meniň ädimim” ýaranlygynyň 9-njy dekabrdaky irki saýlawlarda ýeňmek ähtimallygyny görkezdi.

Hut Paşinýanyň, ozalky korrupsiýa garşy žurnalistiň ýolbaşçylygyndaky demonstrasiýalar häkimiýetde düşegi ýumşam lider Serž Sargsýany wezipesinden çekilmäge mejbur etdi.

Paşinýan ahyrynda premýer-ministr saýlandy, ýöne Respublika partiýasy parlamentdäki köplügini saklamagy başardy. Paşinýan oktýabrda parlamenti dargatmak we irki saýlawlaryň geçirilmegini gazanmak üçin öz wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG