Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýlak döwletleri Katar bilen aradaky dartgynlyklaryň çäginde ýyllyk sammite toplanýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (S) Kataryň emiri Tamim Bin Hamad Al-Thani bilen. Riýad, 21-nji maý, 2017.

ABŞ bilen ýaranlykdaky Aýlak döwletleri Saud Arabystanynyň paýtagtynda duşuşýar, emma Kataryň emiriniň, beýleki agza döwletleri bilen arasynda dörän dartgynlyklar arasynda, ýyllyk duşuşyga gelmegine garaşylmaýar.

Aýlak Hyzmatdaşlyk geňeşiniň (AHG) Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Bahreýnden, Kuweýtden, Omandan we Katardan durýan sammiti 9-njy dekabrda, Riýadda geçirilýär.

Türkiýäniň “Anadolu” habar gullugy katar resmisine salgylanyp, emir Tamim bin Hamad Al Thaniniň bu duşuşyga gelmejekdigini, oňa derek ýurda döwlet ministriniň wekilçilik etjekdigini habar berdi.

Emiriň bu duşuşyga gatnaşmazlyk kararyna gelmeginiň sebäbi aýdylmaýar. Ýogsam bolmasa ol sammite Saud Arabystanynyň patyşasy Salman tarapyndan resmi ýagdaýda çagyryldy.

Saud Arabystany, BAE, Bahreýn we Müsür 2017-nji ýylyň iýunynda Katar bilen diplomatiki we ykdysady gatnaşyklaryny kesdiler, olar bu ýurdy sebitde terror hereketlerini goldamakda aýyplaýarlar, Katar bu aýyplamany ret edýär.

XS
SM
MD
LG