Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ganly kast ediş hüjüminde güman edilýän 10 adamy saklady


6-njy dekabrda port şäher Çabaharda polisiýa edarasynyň daş işiginde partlaýjyly maşyn partladylanda, azyndan iki polisiýa ofiseri öldürildi.
6-njy dekabrda port şäher Çabaharda polisiýa edarasynyň daş işiginde partlaýjyly maşyn partladylanda, azyndan iki polisiýa ofiseri öldürildi.

Eýranyň howpsuzlyk güýçleri golaýda ýurduň günorta-gündogarynda guralan kast ediş hüjümleri bilen ilteşililikde güman edilýän 10 adamy tussag etdi diýip, polisiýa aýdýar.

"Gowy deliller ele salyndy we, jemgyýetçiligiň kömegi bilen, biz esasy jogapkärlere çykmaga umyt baglaýarys” diýip, IRNA habarlar gullugy polisiýanyň başlygy Hossein Aştariniň sözlerine salgylanyp, 9-njy dekabrda habar berdi.

Güman edilýän has kän adam anyklandy we olar gözlenilýär diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

6-njy dekabrda port şäher Çabaharda polisiýa edarasynyň daş işiginde partlaýjyly maşyn partladylanda, azyndan iki polisiýa ofiseri öldürildi, 40 çemesi adam bolsa ýaralandy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini sünni jihadçy topary “Ansar al-Furkan” öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG