Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saudlar Khaşoggini öldürmekde aýyplanýanlary Türkiýä ekstradisiýa etmekden ýüz öwürdiler


Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir
Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir

Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Türkiýäniň žurnalist Jamal Khaşogginiň öldürilmegi bilen ilteşikli şübhelenýänleri ekstradisiýa etmek baradaky arzasyny ret etdi. Khaşoggi saudlaryň Stambuldaky konsulhanasynda 2-nji oktýabrda öldürilipdi.

“Biz öz raýatlarymyzy ekstradisiýa etmeýäris” diýip, Adel al-Jubeir Riýadhda žurnalistleriň öňünde çykyş etdi.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Saud Arabystanyna ýüzlenip, dissident žurnalistiň janyna kast etmekde aýyplanýanlaryň ekstradisiýa edilmegini talap edipdi.

Türkiýäniň sudy saud aňtaw gullugynyň ozalky ýolbaşçysy Ahmad al-Assiriniň we şa kazyýetiniň ozalky maslahatçysy Saud al-Kahtaniniň tussag edilmegi boýunça orderleri çykarypdy. Riýadh Khaşogginiň Stambuldaky konsulhanasynda öldürilendigini boýun alandan soň, ady agzalan iki şahsyýeti eýeleýän wezipelerinden boşadylypdy.

Türkiýe Khaşoggini öldürmek üçin 15 agzalyk saud toparynyň Stambula ýollanandygyny aýdýar.

Žurnalistiň öldürilmegi bilen baglylykda Saud Arabystanynda azyndan 21 adam tussag edildi.

ABŞ-nyň merkezi aňtaw agentliginiň direktory žurnalistiň öldürilmegine Saud Arabystanynyň täç geýdirlen şazadasy Muhammad bin Salmanyň gatnaşygynyň bardygyny görkezýän delilleriň bardygyny aýdýar. Şazada bulary ret edýär.

XS
SM
MD
LG