Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyz premýer-ministriniň ozalky orunbasary tussag edildi


Duişenbek Zilaliýew

Gyrgyzystanda premýer-ministriň ozalky orunbasary korrupsiýa aýyplamalarynda tussag edildi.

Milli Howpsuzlyk boýunça Döwlet Komiteti Duişenbek Zilaliýewiň “bikanun baýamakda” aýyplanyp, geçen hepdäniň aýagynda deslapky tussaghana ýerleşdirilendigini aýtdy.

Derňewçiler Zilaliýewden deklarasiýa edilmedik 900 müň dollarlyk maliýe serişdeleriniň we emläginiň tapylandygyny aýtdylar.

Zilaliýew 2017-nji ýylda ençeme aýlap Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň orunbasary bolup işläpdi. Mundan öň, ol Senagat, Energiýa we Mineral Serişdeler baradaky Döwlet Komitetine ýolbaşçylyk edipdi.

Mundanam başga, Gyrgyzystanyň Ykdysady Jenaýatlara garşy Döwlet Gullugynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, azeri sudy Gyrgyzystanyň gümrük gullugynyň ozalky başlygy Adamkul Junusowyň ekstradisiýa edilmegi barada höküm çykarypdyr.

Junusow 5-nji dekabrda Bakuwyň aeroportynda, gyrgyz resmileriniň haýyşy esasynda saklanypdy.

Gyrgyz derňewçileri Junusowyň 2013-2016-njy ýyllar aralygynda gümrük gullugynyň başlygy bolup işlän döwri ýurduň gaznasyna 166 million som, ýagny 2,1 million dollar möçberinde zyýan ýetirendigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG